Afrin operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1931-e ýetdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1931-e ýetdi

917227
Afrin operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1931-e ýetdi

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde şu gün gury ýerden we howadan geçirilen operasiýalaryň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza ýene-de 58 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-nji ýanwradan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 1931-e ýetendigi mälim edildi.

Terrorçylaryň ýerleri hem howadan hem-de gury ýerden guralýan hüjümler bilen nyşana alynmaga dowam edilýär.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň günbataryndaky Jinderes etrapçasynyň Ebu Kabe we Hajylar obalary bilen Afriniň günbataryndaky Dünbenli obasy ÝPG/PKK-DAIŞ-e agza terrorçylardan saplady.

Şeýlelik bilen Türk ýaragly güýçleri we operasiýa goldaw berýän Azat Siriýa goşunyna degişli güýçler operasiýanyň başyndan bäri terror guramasy ÝPG/PKK-DAIŞ tarapyndan basylyp alynan Afriniň 5 etrapçasynda biri etrapça merkezi, 76 sanysy oba, 6 sany ilatly zolak we 20 sanysy strategik dag ýa-da depe, biri ÝPG/PKK degişli baza bolmak bilen jemi 104 ýeri guramadan halas etdi.

Baş ştab ýurdyň öz içinde 17-23-nji fewral aralygynda ekstremist terror guramasyna garşy göreşde 28 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Şyrnak welaýatynda hem terror guramasy PKK-a garşy operasiýada 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýada köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy.

Sebitde terror guramasyna garşy operasiýalar dowam edýär.



Degişli Habarlar