Gollandiýanyň 1915-nji ýyldaky wakalary “genosit” hökmünde ykrar edýän karary ýazgaryldy
Türkiýe Gollandiýada Wekiller Mejlisiniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalary “genosit” hökmünde ykrar edýän kararyny berk ýazgardy
Türkiýe Gollandiýada Wekiller Mejlisiniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalary “genosit” hökmünde ykrar edýän kararyny berk ýazgardy.
Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda “Gollandiýada Wekiller mejlisiniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalary “genosit” hökmünde ykrar edýän karar kabul etmegini berk ýazgarýarys. Ýewropanyň merkezinde Srebrenitsada 1995-nji ýylda başdan geçirlen gussasy henizem dowam edýän gyrgynçylygy görmediksireýän ýurduň mejlisiniň kabul eden asylsyz kararlarynyň ne taryhda ne-de adalatda ýeri bardyr. Şol sebäpli hem kararyň hukuky taýdan hiç hili güýji ýokdur” diýildi.
Beýanatda “Türkiýäniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky tutumynyň taryhy hakykatlara we hukuk kadalaryna esaslanylýandygy nygtaldy we Ýewropa Adam hukuklary kazyýetiniň degişli kararlary bu meselede mamladygymyzy beýan edýär” diýildi.
Gollandiýada Wekiller mejlisinde 3-e garşy 142 ses bilen kabul edilen teklibe diňe türkleriň guran Denk partiýasy garşy ses beripdi.
Denk partiýasynyň lideri Tunahan Kuzu 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar baradaky emeni garaýyşlarynyň “genosit” hökmünde ykrar edilmegi barada “Golaýlan ýerli saýlawlar sebäpli bu karary saýlaw serişdesi hökmünde ulanarlar” diýdi.