“Siriýanyň hökümeti bilen PÝD/ÝPG Afrin boýunça söwdalaşdy, emma ylalaşyp bilmedi”

Wise-premýer we hökümediň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdag Siriýanyň hökümedi bilen ekstremist terror guramasy PKK-nyň sebitdäki şahasy PÝD/ÝPG-niň Afrin boýunça söwdalaşandygyny, emma ylalaşyp bilmändiklerini belledi

915939
“Siriýanyň hökümeti bilen PÝD/ÝPG Afrin boýunça söwdalaşdy, emma ylalaşyp bilmedi”

Bekir Bozdag Anadoly habarlar agentliginiň redaksiýasynda gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada beýanat berdi.

Türkiýäniň sebitdäki terror guramalaryny we olaryň terrorçylaryny arassalaýança çenli göreşini dowam etdirjekdigini aýdan Bekir Bozdag: “Eger Afrinde Asada bagly güýçler egin-eşiklerini üýtgedip ÝPG/PÝD-niň formasynda ol ýere girse, olar nyşana alynar. Söweşijiler girsede, olaram nyşana alynar. Bu terror guramalarynyň ýanynda Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine garşy kim söweşse, biz olary nyşana alarys” diýdi.

Bekir Bozdag Siriýanyň hökümedi bilen ÝPG/PÝD-niň arasynda Afrin boýunça geçiren söwdalaşmalarynyň agzalalyk bilen netijelenendigini habar berdi.



Degişli Habarlar