"Türkiýe bir wagtyň özünde birden köp terror guramalary bilen göreşýän ýeke täk ýurt"

Binali Ýyldyrym Türkiýäniň şol bir wagtyň özünde birden köp terror guramalary bilen göreşýän ýeke täk ýurtdugyny belledi

915391
"Türkiýe bir wagtyň özünde birden köp terror guramalary bilen göreşýän ýeke täk ýurt"

Ýyldyrym Çankaýa köşgünde Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) maslahatynda eden çykyşynda: “Terror guramalary PKK, DAIŞ, FETÖ/PDÝ bilen göreşimizi dowam etdirýäris. Bular ýaly ýagdaýda ösmegi bir gyra süýşüriň, öz aýaklarynda durmagy hem uly üstünlikdir” diýdi.

“FETÖ/PDÝ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky şowsyz agdarlyşyk synanyşygy ýaly bir waka başga bir ýurtda başdan geçirilen bolsady duw-dagyn bolardy diýen Binali Ýyldyrym: “Bulam biziň milletimiziň özbaşdaklygyna nähili derejede baglydygynyň görkezijisidir” diýdi.

Beştepe Millet medeniýet we maslahatlar merkezinde 11-nji Galkynyş meýilnamasynyň tanyşdyrylyş masalahatynada gatnaşan Ýyldyrym Siriýanyň Afrin sebitinde Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünde durup geçip: “Gahryman esgerlerimiziň Afriniň töwereginde emele getiren front liniýalar birleşmäge başlady. Ýakyn wagtda bütin Afrinde terrorçylar hak eden jezalaryny alarlar” diýdi.

Binali Ýyldyrym: “Terrora goldaw berenleri, eli ganly terrorçylary besleýänleri taryhyň öňünde utançlary bilen bile ýüz-ýüze goýarys. Bu milleti taryhyň dowamynda hiç bir güýç ýolundan dändirmedi, mundan soň hem dändirmez” diýdi.



Degişli Habarlar