Makedoniýanyň Prezidenti resmi sapar bilen Ankara geldi

Myhman Prezident saparynyň çäginde ilki Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen iş naharynda duşuşdy

914459
Makedoniýanyň Prezidenti resmi sapar bilen Ankara geldi

Makedoniýanyň Prezidenti Gyorge Iwanow Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde resmi sapar bilen Ankara geldi.

Myhman Prezident saparynyň çäginde ilki Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen iş naharynda duşuşdy.

Makedoniýanyň Prezidenti Iwanow ertir hem Ýokary bilim guramasynyň başlygy Prof. Dr. Ýekta Saraç bilen duşuşar.

Ýokary bilim guramasy tarapyndan berlen beýanatda,  Prof Saraçyň 2015-nji ýylda Makedoniýa guran saparynyň çäginde beren çakylygyna Prezident İwanowyň oňyn jogap berendigi ýatladyldy.

Makedoniýanyň Prezidenti Iwanowyň Ýokary bilim guramasynyň ýolbaşçylary bilen geçirjek duşuşygynda iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy nygtaldy.



Degişli Habarlar