Türkiýäniň Prezidenti eýranly kärdeşine gynanç bildirdi

Rejep Taýýip Erdogan 66 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen uçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhana gynanç bildirdi

913061
Türkiýäniň Prezidenti eýranly kärdeşine gynanç bildirdi

Gynanç hatynda Eýranyň günortasynda bolan uçar heläkçiliginde 66 adamyň ýogalandygyny gynanç bilen öwrenendigini aýdan Prezident Erdogan uçar heläkçiliginde ýogalan adamlara Alladan rehnet diledi.

Hasan Ruhana Eýranyň dostlukly we doganlyk halkyna gynanç bildirýändigini aýdan Erdogan Türkiýäniň Eýranyň halkynyň gam-gussasyny tüýs ýürekden paýlaşýandygyny belledi.

Erdogan Türkiýäniň bu elhenç hadysanyň derňelmegi we gözleg we halas ediş işleriniň geçirilmegi etabynda zerurlyk gerek bolan halatynda islendik goldawy bermäge taýardygyny nygtady.



Degişli Habarlar