“Türkiýe bilen ABŞ ähli terror guramalaryna we olaryň şahamçalaryna garşy göreşer”

Türkiýe bilen ABŞ-nyň strategik hyzmatdaşlygy babatynda berlen beýanatda terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä garşy göreşe üns çekildi

912270
“Türkiýe bilen ABŞ ähli terror guramalaryna we olaryň şahamçalaryna garşy göreşer”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň Ankara guran saparynda Türkiýe bilen ABŞ-nyň strategik hyzmatdaşlygy babatynda berlen beýanatda terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä garşy göreşe üns çekildi.

Tillersonyň fewral aýynyň 15-16-ny öz içine alan Ankara saparynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen metbugata beren beýanatyndan soň kabul edilen “Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk” atly bilelikdäki jarnamada, terror guramasyna we esasan PKK-nyň Siriýadaky bölegi terror guramasy PÝD-ÝPG-ä üns çekildi.

Jarnamada “Türkiýe bilen ABŞ DAIŞ, PKK, AL Kaida we beýleki ähli terror guramalaryna we olaryň şahamçalaryna garşy göreşde tutanýerli tutum alyp barar” diýildi.

Terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-ä garşy göreşiň ABŞ bilen birlikde taýarlanan jarnamada ýer almagynyň, resmi Waşingtonyň Ankara bilen utgaşykly hereket etmegi taýdan diýseň möhümdigine üns çekildi.



Degişli Habarlar