Ýyldyrym Belarusdan soň Germaniýa gider

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Belarusdaky resmi saparyndan soň Germaniýanyň paýtagty Berline barar

910923
Ýyldyrym Belarusdan soň Germaniýa gider

Ýyldyrym Berlinde nemes kärdeşi Angela Merkel bilen duşuşar.

Duşuşykda özara gatnaşyklar, Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-ä garşy we Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabyna guraýan “Zeýtun şahajygy” operasiýasy barada pikir alyşylar.

Premýer ministr Berlindäki duşuşyklaryndan soň Mýunhen şäherine barar.

Ýyldyrym Mýunhen howpsyzlyk maslahatyna gatnaşyp, ikiçäk duşuşyklar geçirer.



Degişli Habarlar