Mejlisiň başlygy Kahraman resmi sapar bilen Ankara gelen Gambiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Ismail Kahraman resmi sapar bilen Ankara gelen Gambiýanyň Prezidenti Adama Barrow bilen duşuşdy

910443
Mejlisiň başlygy Kahraman resmi sapar bilen Ankara gelen Gambiýanyň Prezidenti  bilen duşuşdy

Gambiýanyň resmi wekiliýetini TBMM-de myhman almakdan hoşaldygyny aýdan Kahraman “Gambiýa biziň üçin  dost we doganlyk ýurt” diýdi.

Gambiýanyň Prezidenti Barrow hem Türkiýä ilkinji saparyny guramakdan hoşaldygyny aýtdy.

Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Türkiýä gelendigini aýdan Barrow sapara uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşyga Saglygy goraýyş ministri Ahmet Demirjan, Türkiýe-Gambiýa dostluk toparynyň başlygy Adalat we ösüş partiýasynyň Kilis halk deputaty Reşit Polat, TBMM-niň Baş sekretary Mehmet Ali Kumbuzogly hem gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar