Türk ýaragly güýçleri terrordan saplanan etrapda çagalara azyk kömegini paýlady

Etraby terrorçylardan saplan türk esgeri indi bolsa halka ynsanperwer kömegini berýär

Türk ýaragly güýçleri terrordan saplanan etrapda çagalara azyk kömegini paýlady

Türk ýaragly güýçleri Siriýada 2016-njy ýylyň awgust aýynda başlan we 7 aýa golaý dowam eden Ýefrat galkany operasiýasy netijesinde terrordan saplanan Halap welaýatynyň Jarablus etrabynda çagalara okuw esbaplaryny we azyk kömegini paýlady.

Türk ýaragly güýçleri twitter arkaly 3-nji fewralda Kadylar obasynda kömege mätäç maşgalalaryň çagalaryna ynsanperwer kömeginiň berilendigini habar berdi.

Etraby terrorçylardan saplan türk esgeri indi bolsa halka ynsanperwer kömegini berýär.



Degişli Habarlar