Prezident Erdogan Afrinde türk dik uçaryň urlup düşürlendigini aýtdy

Prezident R. T. Erdogan “Munyň jerimesini çekerler” diýdi

907874
Prezident Erdogan Afrinde türk dik uçaryň urlup düşürlendigini aýtdy

 

Prezident R. T. Erdogan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda Türk ýaragly güýçlerine degişli bir dik uçaryň urlup düşürlendigini aýtdy.

Adalat we ösüş partiýasynyň Stambulda geçirlen maslahatyna gatnaşan Prezident R. T. Erdogan “Munyň jerimesini çekerler” diýdi.

Prezident Erdogan maslahatda eden çykyşynda Zeýtun şahajygy operasiýasynda häzire çenli 1141 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

Prezident Erdogan “Bu söweşde ýitgi çekip bileris. Emma düýn olaryň uly raketa ammarlaryny hatardan çykardyk. Şol sebäpli hem gahar gazaba mündüler. Emma munyň jerimesini çekerler. Belki biziň bir dik uçarymyz gider, emma olar munyň jerimesini has agyr çekmeli bolarlar” diýdi.



Degişli Habarlar