Türkiýe-Russiýa-Eýran üçtaraplaýyn maslahatyň 2-njisi Stambulda geçirler

Erdogan rus kärdeşi Putin bilen söhbetdeş boldy

Türkiýe-Russiýa-Eýran üçtaraplaýyn maslahatyň 2-njisi Stambulda geçirler
Türkiýe-Russiýa-Eýran üçtaraplaýyn maslahatyň 2-njisi Stambulda geçiriler
Türkiýe-Russiýa-Eýran üçtaraplaýyn maslahatyň 2-njisi Stambulda geçiriler

Türkiýe-Russiýa-Eýran üçtaraplaýyn maslahatyň 2-njisi Stambulda geçiriler

Karar Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putiniň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde kabul edildi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Afrin we Idlib başda bolmak bilen Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalary maslahatlaşydylar.

Erdogan we Putin Idlibde Dartgynlygy azaltmak zolagynda täze gözegçilik nokatlarynyň gurluşyklarynyň çaltlandyrylmagy babatynda ylalaşdylar we Astana etaby bilen baglanşykly pikir alyşdylar.

Gündogar Gutadaky adamzat krizisiniň üstünde durup geçen liderleriň mundan başgada Siriýa meselesinde hyzmatdaşlyk etmek we bilelikde hereket etmek babatynda ylalaşandyklary habar berildi.  

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Russiýa-Eýran üçtaraplaýyn maslahatyň 2-njisiniň Stambulda geçirilmegi babatynda ylalaşdylar.

Siriýadaky wakalaryň ara alynyp maslahatlaşylan Üçtaraplaýyn maslahatyň ilkinjisi 2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilipdi.



Degişli Habarlar