“Afrin sebiti terrorçylardan saplanyp, hakyky eýelerine beriler”
Erdogan Siriýanyň Afrin sebitiniň terrorçylardan saplanyp, hakyky eýelerine beriljekdigini belledi
Prezident kompleskindäki 45-nji Arçynlar maslahatynda çykyş eden Erdogan çykyşynyň agramly bölegini Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasyna bölüp aýyrdy.
Geçen ýyl Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Ýewfrat galkany operasiýasy bilen DAIŞ-e agza 3 müňden gowrak terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini aýdan Erdogan: “Indi bolsa şoňa meňzeşini Afrinde geçirýäris. Afrin meselesini çözeris, Idlib meselesini çözeris we bosgun bolan doganlarymyzyň ýaňadandan öz topraklaryna, öýlerine gaýdyp barmagyny üpjün ederis. 3,5 milliony biz bu ýerde ahyryna çenli saklap bilmeris. Olaram iň gysga wagtda öz topraklaryna gaýdyp barmak isleýär” diýdi.
Türkiýäniň Siriýanyň terrirtoriýasynda çykmagyny dile getirýän käbir ýurtlara nägilelik bildiren Erdogan: “Bizden Siriýanyň territoriýasyndan iň gysga wagtda çykmalydygymyzy aýdýanlary eşidýäris. Olaryň logikasyna görä PKK, DAIŞ Siriýada bolup biler, ABŞ, Russiýa, Eýran, Fransiýa, Britaniýa we beýleki ençeme ýurt dürli-dürli bahanalar bilen Siriýada bolup biler, Ysraýyl islän mahaly Siriýada operasiýa gurap biler, Türkiýäniň 911 km serhedi bolubam Siriýada bolup bilmez. Bular ýaly zat bolup bilermi? 700-den gowrak hüjüm guradylar, 100-e golaý doganymyzy şehit etdiler. Biz entegem tomaşa edelimi?” diýdi.
ABŞ-e ençeme gezek terrora garşy bilelikde göreşeliň diýip teklip hödürländiklerini, emma ABŞ-nyň terrorçylar bilen bilelikde hereket etmegi saýlandygyny aýdan Erdogan Türkiýäniň onda öz mümkinçilikleri bilen terrora garşy göreşini dowam etdirjekdigini belledi.
Degişli Habarlar
Ruandanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy
Erdogan, Türkiýäniň Ruanda bilen edýän gatnaşyklarynyň ösmäge başlandygyny aýtdy.