Premýer ministr Ýyldyrym Operasion merkezine bardy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasynyň meýilleşdirilişi ýaly dowam edýändigini belledi

903304
Premýer ministr Ýyldyrym Operasion merkezine bardy

Binali Ýyldyrym Zeýtun şahajygy operasiýasynyň Hataýdaky Operasion merkezine baryp, ol ýerdäki harby resmilerden operasiýanyň barşy barada maglumat aldy. 

Premýer ministr Ýyldyrym: "Mesele howpsyzlyk, emin-arkaýynlyk bolan halatynda galan ähli zat kiçiräk zatlardyr. Arkalarynda kim bolsa bolsun, bize tapawudy ýok" diýdi. 

Operasion merkezinde ýurdyň II Goşunynyň serkerdesi general-leýtenant Ismail Metin Temel we beýleki harby resmilerden maglumat alan Premýer ministr Binali Ýyldyryma Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan bilen Hataý welaýatynyň gubernatory Erdal Ata ýoldaşlyk etdi. 



Degişli Habarlar