"Türk esgeri Afrine tarap barýar"

Prezident Erdogan “Indi Afrine tarap barýarys, Afrine girmek üçin gaty az wagt galdy” diýdi

902797
"Türk esgeri Afrine tarap barýar"

Prezident R. T. Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Bitlis welaýatynda geçirlen kongresine gatnaşdy.

Prezident Erdogan kongresde eden çykyşynda türk esgeriniň Afrine tarap barýandygyny aýtdy.

Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde daglaryň terrorçylardan yzyna alynmaga başlanandygyny aýdan Prezident Erdogan “Indi Afrine tarap barýarys, Afrine girmek üçin gaty az wagt galdy” diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda “Biz eger ölmeli bolsak bir gezek öleris emma olar her gün ölerler” diýdi.

Erdogan “Ýewropa Parlamentiniň käbir agzalary PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar edendiklerine garamazdan terror guramasyna goldaw beren boldular. Emma olar bizi kararymyzdan asla ýüz öwürdip bilmezler” diýdi

 



Degişli Habarlar