Respublikan halk partiýasynyň iki gün dowam etjek 36-njy gurultaýy şu gün öz işine başlady

Gurultaýyň birinji gününde partiýanyň başlygy saýlanar

902769
Respublikan halk partiýasynyň iki gün dowam etjek 36-njy gurultaýy şu gün öz işine başlady

Respublikan halk partiýasynyň iki gün dowam etjek 36-njy gurultaýy şu gün öz işine başlady.

Gurultaýyň birinji gününde partiýanyň başlygy saýlanar, ikinji gününde bolsa 60 adamlyk partiýanyň mejlis agzalary saýlanar.

Respublikan halk partiýasynda häzire çenli partiýanyň başlygy Kemal Kylyçdaroglyndan daşary Ýalowa halk deputaty Muharrem İnji, Stambulyň aklawçylar bileleşiginiň ozalky başlygy Ümit Kojasakal, Kazylar we prokurorlar bileleşiginiň ozalky başlygy Ömer Faruk Eminagaogly bilen JHP-nyň Stambulyň Ümraniýe etrabyndaky ozalky başlygy Alparslan Çabuk partiýanyň başlyklygyna dalaşgärlige dalaşgärdiklerini mälim edipdi.

Gurultaý üçin 10 müňden gowrak adama çakylyk ugradyldy.

 

 



Degişli Habarlar