Afrin operasiýasy giň-gerimli dowam edýär

Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde Afriniň demirgazyk-gündogaryndaky Şeýh Horoz diýilen ýere guralan howa hüjümlerinde terrorçylara degişli gaçybatalgalar, ýaşaýyş ýerleri we söweşjeň liniýalar ýok edildi

902914
Afrin operasiýasy giň-gerimli dowam edýär

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde Afriniň demirgazyk-gündogaryndaky Şeýh Horoz sebitinde gözleg we anyklaýyş enjamlary arkaly hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanan PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ terror guramalaryna garşy şu gün 17:52-de howa hüjümiň guralandygy mälim edildi. 

Howa hüjümlerinde terrorçylara degişli gaçybatalgalar, ýaşaýyş ýerleri we ýarag liniýalar hökmünde ulanylan nyşanalaryň ýok edilendigi habar berildi. 

Howa operasiýasyna gatnaşan uçarlaryň howpsyz ýagdaýda bazalaryna gaýdyp gelendikleri beýan edildi. 

Şeýh Horoz sebitinde PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ terror guramalary tarapyndan guralan hüjümde bir taňka degipdi. Hüjümde 1 esger şehit bolupdy, 1 esger ýaralanypdy. 


Etiketkalar: #PKK , #PÝD , #esger , #taňk

Degişli Habarlar