Türkiýäniň ilaty 995 müň 654 adam artdy

Türkiýäniň ilaty 2017-nji ýylda 2016-njy ýyla garanyňda 995 müň 654 adam artyp, 80 million 810 müň 525 adam boldy

901266
Türkiýäniň ilaty 995 müň 654 adam artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy Öý salgylaryna esaslanýan ilat bellik ulgamynyň 2017-nji ýyldaky netijelerini beýan etdi.

Şoňa laýyklykda 2016-njy ýylda bolan 79 million 814 müň 871 ilat, 995 müň 654 adam artyp, 2017-nji ýylyň ahyrynda  80 million 810 müň 525 adam boldy.

 
Ilatyň erkek bölegi 50,2 göterim (40 million 535 müň 135 adam), ilatyň zenan bölegi bolsa 49,8 göterim (40 million 275 müň 390 adam) hökmünde kesgitlendi.  

Ilatyň ýyllyk artyşy 2016-njy ýylda 13,5 göterim bolan bolsa, 2017-nji ýylda 12,4 göterime çenli azaldy.


Etiketkalar: #Türkiýe , #ilat , #erkek , #zenan , #göterim

Degişli Habarlar