Prezident Erdogan: “Afrinde 800 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Erdogan Prezident kompleksinde guralan Türkiýe Ýaşlar gaznasynyň maslahatyna gatnaşyp, çykyş etdi

901752
Prezident Erdogan: “Afrinde 800 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan ýurdyň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde häzirki wagta çenli 800 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Erdogan Prezident kompleksinde guralan Türkiýe Ýaşlar gaznasynyň maslahatyna gatnaşyp, çykyş etdi. 

Çykyşynda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünde durup geçen Erdogan operasiýanyň üstünlikli dowam edýändigini belläp: "Gahryman esgerlerimiz taryh ýazýar" diýdi. 

Terrorçylara goldaw berip, Siriýanyň demirgazygynda terror koridoryny emele getirýänlere ýüzlenen Erdogan: "Türkiýäniň äsgermeýänlere biziň eýýäm müň ýyl bäri bu ýerdedigimizi ýatlatmak biziň borjumyzdyr" diýdi. 

Erdogan howpsyzlyk güýçleriniň geçen ýyl Ýewfrat galkany operasiýasynda bolşy ýaly Zeýtun şahajygy operasiýasynda hem terrorçylaryň hötdesinden geljekdigini belledi. 

Ýaşlaryň gowy edip ýetişmegi üçin gaznalaryň egnine uly işleriň düşýändigini aýdan Erdogan: "Gaznanyň işleri, jemgyýetçilik işleri bir göwün işidir. Örän köp tagalla etmeli, pidakärli bolmalydyr" diýdi. 

Terror guramalarynyň esasan hem ýaşlary toryna çekmäge synanyşýandygyny aýdan Erdogan: "Aýralykçy terror guramasy PKK bilen oňa meňzeş gurluşlar, esasan hem ýaşlarymyza gönükýär. Fetullahçy terror guramasynyň nyşanasynyň astynda ýaşlar iň başda gelýärdi. Guramalaryň ikisini hem çökertmäge, ýurdumyza ýetirýän zyýanlaryny bir ýerde ýok etmegiň hötdesinden geldik" diýdi. 



Degişli Habarlar