Mewlüt Çawuşogly rus kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýe we Russiýa Soçide geçirilýän maslahatyň çäginde Siriýa krizisine çözgüt tapmak maksady bilen diplomatiýasyny dowam etdirýär

899770
Mewlüt Çawuşogly rus kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşliik geçirdi.

Telefon söhbetdeşligiň gün tertibinde Soçidäki Siriýa Milli dialog kongresi bardy.

Iki ministr kongresiň bolmak ähtimal netijeleri barada pikir alyşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda şeýle hem Siriýadaky soňky wakalar we Zeýtun şahajygy operasiýasy ara alynyp maslahatlaşyldy.



Degişli Habarlar