Erdogan: “Zeýtun şahajygy operasiýasynda 7 türk esger şehit boldy”

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Siriýanyň Afrin sebitine garşy geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda 7 türk esgeriň şehit bolandygyny beýan etdi

898771
Erdogan: “Zeýtun şahajygy operasiýasynda 7 türk esger şehit boldy”

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan partiýasynyň Amasýa welaýat kogresinden ozal halka ýüzlenip çykyş etdi.

Burseýa dagynyň terrorçylardan basylyp alynandygyny aýdan Erdogan 7-si türk esger 13-i Azat Siriýa goşunyndan jemi 20 adamyň şehit bolandygyny habar berdi.

Ýewropa parlamentinde türk esgerine dil uzadanlara garamazdan bu operasiýa başlandyklaryny aýdan Erdogan: “Ýewropa Parlamendinde käbir özüni bilmeýänler meniň esgerime basyp alyjy diýýär. Ol herekez size gelişýär. Afrikda nämeler etdiňiz. Entek size aýtjak köp zadym bar. Siziň taryhyňyz basyp alyjylyk we koloniýalar bilen doly. Bu milletiň taryhynda basyp alyjylyk ýok, adalat we merhemet bar. Bu ahlaksyzlar Germaniýada terror guramalaryna metjitlerimize, raýatlarymyza hüjüm guratdyryp, polisiýa işgärleri bilen bilelikde tomaşa edýärler” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň Siriýanyň topragynda gözüniň bolmandygyny nygtap: “Emma 3,5 million siriýaly biziň topraklarymyzda myhman. 2 müň inedördül kilometrlik ýeri gözegçilik astynda saklaýarys. 130 müň bosgun 2 müň inedördül kilometrlik ýere gaýdyp bardy. Azat Siriýa goşuny bilen türk esgerleri bilelikde ýöreýär. Zerurlyk gerek bolan halatynda Afrine ilki bilen men, Baş serkerde gider. Soň bolsa siz yzym bilen gelersiňiz” diýdi.



Degişli Habarlar