Kalyn ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde PÝD/ÝPG-ä ýarag berilmezliginiň ähmiýeti nygtaldy

898162
Kalyn ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Raýmon Mak Master bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kalyn bilen Mak Master telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň halkara hukuk kadalarynyň çäginde öz howpsyzlygyny üpjün etmek we Afriniň halkyna kömek bermek üçin başladan we tutanýerlilik bilen dowam etdirýän Zeýtun şahasy operasiýasy, PÝD/ÝPG, PKK we DAIŞ ýaly beýleki terror guramalaryna garşy göreş we Siriýadaky syýasy geçiş etaby barada pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde PÝD/ÝPG-ä ýarag berilmezliginiň ähmiýeti nygtaldy.

Telefon söhbetdeşliginde şeýle hem NATO agza Türkiýe bilen ABŞ-nyň özara bähbide we sylag hormada laýlyklykda gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ösdürmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar