Türk lider ABŞ-nyň Prezidentine nägilelik bildirdi

Erdogan Siriýanyň Afrin sebitini terrorçylardan saplamak maksady bilen başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen baglanşykly “Afrin operasiýasy gysga dowam etsin, çäkli bolsun” diýen Donald Trampa nägilelik bildirdi

897790
Türk lider ABŞ-nyň Prezidentine nägilelik bildirdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T. Erdogan partiýasynyň baş merkezinde “Welaýat başlyklaryň giňeldilen maslahatynda” çykyş etdi.

Afrin operasiýasy bilen baglanşykly sözleri sebäpli Trampa nägilelik bildiren Erdogan: “ABŞ-niň baýdaklary bilen bu terror guramalary sebitde isleýişleri ýaly hereket edýärler. Bu herekedi nädip düşündirjek? Hormatly Prezident bizi bular ýaly tankyt etmäň diýýär. Bir strategik hyzmatdaş beýleki bir strategik hyzmatdaşyna bular ýaly herekedi nädip edip biler?” diýdi.

ABŞ-niň Prezidenti Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň üstünde durup geçen Erdogan Trampyň operasiýa gysga dowam etsin diýen sözlerine jogap berip: “Entek ýaňy bir 7 gün boldy. Owganystan näçe gün dowam etdi? Takmynan 20 ýyl, Yrak söweşi 18 ýyl dowam etdi. Entegem ol ýerdesiňiz. Ünsler Türkiýä gönükdi welin, bu gyssanmaçlyk nireden çykdy?” diýdi.

Türkiýäniň nyşanasynda diňe terror guramalary we terrorçylar bardygyny ýene-de bir gezek gaýtalan Erdogan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberge goldawy sebäpli minetdarlyk bildirdi, Ýewropa Parlamendine bolsa reaksiýa bildirdi.



Degişli Habarlar