Türkiýäniň Daşary işler ministri rus kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

896847
Türkiýäniň Daşary işler ministri rus kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Çawuşogly-Lawrow telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Siriýa Milli dialog kongresiniň taýarlyk etabyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi.

Daşary işler ministrligi: “Türkiýäniň islegine laýyklykda 24-nji ýanwarda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Russiýanyň we Türkiýäniň liderleriniň gepleşikleriniň dowamy häsýetinde bolan telefon söhbetdeşliginde ministrler Soçide geçiriljek Siriýa Milli dialog kongresi bilen baglanşykly taýarlyk etaby ele alyndy. Ady agzalan kongresiň üstünlikli ýagdaýda geçirilmeginiň üpjün edilmegi maksady bilen ikitaraplaýyn häsýetde goşmaça ädimleriň ediljekdigi barada karara gelindi” diýilýär.

Siriýa Milli dialog kongresiniň 29-30-njy ýanwar aralygynda geçirilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar