Erdogan: “Türkiýäniň serhetlerinde hemle atýan 3-4 näkese ýol berilmez”

Prezident R.T.Erdogan Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabyndaky “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda şehit bolan Musa Özalkanyň Ankaradaky jynazasyna gatnaşdy

895206
Erdogan: “Türkiýäniň serhetlerinde hemle atýan 3-4 näkese ýol berilmez”

Erdogan ol ýerde sözlän sözünde türk esgeriniň garda-gyşda terrorçylara garşy uly göreş alyp barýandygyny nygtap: “Bu operasiýasyda millitimiz Azat Siriýa goşuny bilen bilelikde üstün çykar. Biz ygrarly we egilşiksiz. Eýsem bular näme diýdikä, olar näme diýdikä, dünýäde şu ýurt nähili garaýarka, ol ýurt nähili çemeleşýärkä, olara seretmeris. Bu meselede karar millete degişli. Bu millet öz köbegini özi keser we biz serhetlerimizde hemle atýa 3-4 näkese ýol bermeris” diýdi.

Erdogan şehidin Talafarda bir mekdebe adynyň dakylmagy baradaky wesýetiniň berjaý ediljekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar