Zeýtun şahajygy operasiýasynda Türkiýäniň maksatlary

Maksatlaryň 12 maddalyk sanawynda esasan hem Afriniň ýerleşişi ünsleri özüne çekýär

894078
Zeýtun şahajygy operasiýasynda Türkiýäniň maksatlary

Premýer ministrlik Döwlet diplomatiýasy koordinatorlygy Siriýanyň Afrin sebitini PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen Türkiýäniň maksatlaryny mälim etdi.

Maksatlaryň 12 maddalyk sanawynda esasan hem Afriniň ýerleşişi ünsleri özüne çekýär.

Beýanatda terror guramalaryň Siriýanyň Afrin sebitinde bolmagynyň Kilis we Hataý welaýatlarynyň terror guramalaryň hüjüm edip bilmek diapazonyna girmegini aňladýandygy nygtaldy.

Afrin operasiýasy bilen Türkiýäniň Siriýa serhetdeş bolan welaýatlaryň howpsyzlygy üpjün ediler.

PÝD/PKK-nyň Amanos daglarynyň üsti bilen Türkiýä geçmeginiň öňi alynar.

Operasiýa arkaly Ortaýer deňiziniň gündogaryna we ol ýerden dünýä açylmagy maksat edinýän PKK-nyň öňüne geçiler.

Mundan başgada ABŞ-nyň terror guramalaryna berýän goldawynyň öňi kesiler.

Ýewfrat galkany operasiýasynyň dowamy häsýetinde boljak operasiýa bilen asuda ilatyň öýlerine gaýdyp gelmekleriniň öňi açylar.

Operasiýanyň maksatlarynyň biri hem Türkiýäň Arap dünýäsi bilen arabaglanşygynyň kesilme ähtimaly ortadan aýrylar.



Degişli Habarlar