Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Zeýtun şahasy operasiýasy dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Zeýtun şahasy operasiýasy bilen Siriýanyň Afrin sebitindäki terror guramalary PKK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-iň ýerlerini ýer bilen ýegsan edýär

893244
Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Zeýtun şahasy operasiýasy dowam edýär

Türk Ýaragly güýçler tarapyndan berilen beýanata görä howa operasiýasyna gatnaşan 72 uçar terrorçylaryň 108 ýerini ýok etdi.

Afrindäki hassahanalara terrorçylar tarapyndan getirilen ölen we ýaralanan adamlaryň ählisiniň PÝD/PKK-a agza terrorçylardygy habar berildi.

Türkiýäniň harby uçarlary terror guramasy PÝD/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky Minnig harby howa menziline hem hüjüm gurady.

Howa operasiýasynda terror guramasyna degişli söweşjeň liniýalar, tuneller we ok-däri ammarlary ýer bilen ýegsan edildi.

Azat Siriýa goşuny bolsa gury ýerden operasiýa başlatdy.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda Zeýtun şahasy operasiýasynyň serhediň howpsyzlygy we sebitde asudalygy üpjün etmek maksady bilen Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny olaryň basyşyndan we zulmyndan halas etmek maksady bilen başladylandygy mälim edildi.

Zeýtun şahasy operasiýasynyň başlamagyndan soň Siriýadan atylan 4 raketa Türkiýäniň Kilis şäheriniň merkezine gaçdy.

Ýogalan adamlaryň bolmadyk hüjümde 1 adam ýeňil ýagdaýda ýaralandy.

Kilisde Siriýa serhedindäki käbir ýerler 15 günlügine ýörite howpsyz zolak hökmünde yglan edildi.

Türkiýäniň 90 müň metjidinde Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Zeýtun şahasy operasiýasynyň üstünlikli geçmegi üçin dogalar edildi.  



Degişli Habarlar