Türk hassahanasy Somalide şypa paýlaýar

Hassahanada 2017-nji ýylda jemi 161 müň 669 adam bejergi aldy

892758
Türk hassahanasy Somalide şypa paýlaýar

Somaliniň paýtagty Mogadişuda gurlan R. T. Erdogan bilim we ylmy barlag hassahanasy terror, gytlyk we ýoksullyk sebäpli betbagtçylygyň bosagasyna gelen ýurtda şypa paýlaýar.

Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda hyzmada açylan hassahanada 23-i türk, 11-i somalili bolmak bilen jemi 34 lukman iş alyp barýar.

Hassahana Somali bilen birlikde Keniýa we Jibuti ýaly ýurtlardan hem hassalar gelýär.

Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen hassahanada 2017-nji ýylda jemi 161 müň 669 adam bejergi aldy.

Hassahanada 5 müň 361 adam operasiýa edildi.

Bilim we ylmy barlag hassahanasynda türk lukmanlary tarapyndan somalili saglygy goraýjylara 968 gezek bilim berildi.

 

 



Degişli Habarlar