Türkiýedäki siriýalylaryň sany 3,5 million adama golaýlady

Iň köp siriýaly 537 müň 829 adam bilen Stambulda ýaşaýar

891589
Türkiýedäki siriýalylaryň sany 3,5 million adama golaýlady

Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa gullugynyň berýän hasabatyna görä wagtlaýyn goragyň çäginde Türkiýede 1 million 852 müň 563-i erkek, 1 million 571 müň 674-i zenan bolmak bilen jemi 3 million 424 müň 237 siriýaly ýaşaýar.

Türkiýede 29 ýaşdan kiçi bolan siriýalylaryň sany 2 million 461 müň 664 adam.

515 müň 116 bilen iň köp 0-4 ýaş aralygynda bäbek we çaga bar.

Iň köp siriýaly 537 müň 829 adam bilen Stambulda ýaşaýar.

Şanlyurfa welaýatynda 462 müň 961 siriýaly, Hayaý welaýatynda 457 müň 106 siriýaly, Gaziantepde 350 müň 67 siriýaly, Mersinde 191 müň 684 siriýaly, Adanada 171 müň 685 siriýaly, Bursada 134 müň 490 siriýaly, Kilisde 131 müň 914 siriýaly, Izmirde 129 müň 644 siriýaly we Konýada 99 müň 990 siriýaly ýaşaýar.

Türkiýede iň az siriýaly bolsa 57 adam bilen Baýburtda ýaşaýar.

10 welaýatda 21 sany çadyr düşelgesi bar.

228 müň 251 siriýaly çadyr düşelgelerinde ýaşaýar.



Degişli Habarlar