Baş ştabyň başlygy Akar we Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Fidan Russiýa gitdi

Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Hulusi Akar we Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan Russiýa gitdi

891272
Baş ştabyň başlygy Akar we Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Fidan Russiýa gitdi

Baş ştabyň başlygy Hulusi Akaryň Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Gerasimow bilen geçirjek we Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidanyň gatnşajka Moskwadaky duşuşykda sebitleýin meseleler bilen birlikde Siriýanyň soňky ýagdaýy we Astana/Ženewa etaby ele alynar.

Baş ştab tarapyndan sapar bilen bagly berilen beýanatda: “Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar we Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan 2018-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow bilen sebitleýin meseleleri, Siriýadaky soňky ýagdaýy we Astana/Ženewa etabyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Moskwa gitdiler” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar