Türkiýäniň milli howpsyzlygyna wehim salýan hereketlere garşy mundan beýläk sabry galmady

Wise-premýer we hökümediň metbugat beňeşçisi Bekir Bozdag Türkiýäniň milli howpsyzlygyna wehim salýan hereketlere garşy mundan beýläk sabrlarynyň galmandygyny mälim etdi

890764
Türkiýäniň milli howpsyzlygyna wehim salýan hereketlere garşy mundan beýläk sabry galmady

Bekir Bozdag Prezident R.T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Türkiýäniň adatdan daşary günlerden geçendigini aýdan Bekir Bozdag serhetlerde terror koridorynyň emele getirilip, howpsyzlygynyň bir terror goşunyna berilmek islenýändigini belläp: "Bu açyk ýagdaýda milli hopwsyzlygmyza wehim salýar, Türkiýe milletiniň we döwletiniň asudalygy üçin uly riskleri almagy özünde jemleýän ädimleri etmekden çekinmez" diýdi. 

Bozdag terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen bir başga terror guramasy bolan PKK/PÝD bilen hyzmatdaşlyk edilmeginiň kabul edilip blinjek bir hereket däldigini ençeme agzalyp geçilmezligine garamazdan bolup geçýän wakalara garşy Türkiýäniň mundan beýläk sabrynyň soňky nokadyna ýetendigini, gerek boljak ädimleri ätmekde tutanýerlidigini habar berdi. 

Bozdag ABŞ-niň hökümedine ýene-de bir gezek çagyry' berilendigini nygtap: "PKK/PÝD berilýän goldawlar bes edilmeli, berilen ýaraglar yza alynmaly, terror goşuny meýilnamasyndan ýüz öwürilmeli" diýdi. 

Russiýa we ABŞ ýaly ýurtlar bilen gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Bekir Bozdag: "Emma milli howpsyzlygymyz üçin hiç kimden rugsat almarys, gerek bolan ädimleri ederis" diýdi. 

Afrindäki terrorçylara garşy haçan operasiýanyň guraljakdygy baradaky soraga Bekir Bozdag: "Prezident R.T. Erdoganyň aýdyşy ýaly, gijeleriň birinde duýdabsyz gelip bileris" jogabyny berdi. 

19-njy ýanwarda möhledi doljak adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň ýene-de 3 aý uzaldylmagy bilen bagly Milli howpsyzlyk geňeşiniň teklibiniň TBMM-niň baş geňeşine hödürlenmegi barada karar kabul edilendigini aýdan Bozdag bu etabyň raýatlaryň gündelik durmuşyna täsir ýetirmejekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar