Türk lider Watikana we Günorta Amerika ýurtlaryna sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan 5-nji fewralda Katoliki dünýäniň dini lideri Papa Fransiskiň çakylygyna laýyklykda Watikana sapar gurar

Türk lider Watikana we Günorta Amerika ýurtlaryna sapar gurar

Erdoganyň Katoliki dünýäniň dini lideri Papa Fransisk bilen geçirjek duşuşygynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Iýerusalim meselesi bolar.

Erdogan ABŞ-niň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde yglan etmek we ilçihanasyny ol ýere geçirmek barada karar kabul etmeginden soň başladan telefon diplomatiýasyny alyp baran liderleriň biri bolan Papa Fransiske Iýerusalim babatynda görkezen pozisiýasy sebäpli minnetdarlyk bildirer.

Prezident Erdoganyň Watikan sapary 59 ýyl aradan soň Türkiýeden Watikana Prezident derejesinde sapar guran ilkinji türk lider bolar.

Papa Fransisk 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkiýä resmi sapar gurapdy. Katoliki dünýäniň dini lideri Prezident kompleksinde garşylanan ilkinji lider bolupdy. Erdoganyň sapary şol bir wagtda jogap sapar häsýetindedir.  

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Watikan saparyndan soň Günorta Amerika ýurtlaryna sapara çykar.

Wenesuela, Braziliýa we Paragwaý ýaly Günorta Amerika ýurtlaryna sapar gurajak Erdogan saparynda ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde Iýerusalim, Siriýa we Yrak meselelerini ara alyp maslahatlaşar.



Degişli Habarlar