Çawuşogly: “ABŞ haýsy tarapy saýlap aljakdygyny anyklasyn”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň hyzmatdaşlarynyň ýa-da terror guramalarynyň tarapyndan durýandygyny kesgitlemelidigini aýtdy

889154
Çawuşogly: “ABŞ haýsy tarapy saýlap aljakdygyny anyklasyn”

Kanadanyň Wankuwer şäherinde saparda bolan Çawuşogly ABŞ-nyň “Siriýadaky serhet goşunlary” baradaky beýannamasyna: “ABŞ tarapyny saýlamaly, hyzmatdaşlarmy ýa-da terror guramalarymy? ABŞ terror guramasynyň tarapynda durýan bolsa onda biziň pozisiýamyz hem tapawutly bolar” diýip, reaksiýa bildirdi.

Ministr Çawuşogly Koreý ýarym adasynyň howpsyzlygy we durnuklylygy temaly daşary işler ministrleriniň derejesindäki maslahatyň çäginde Wankowura guraýan saparynyň çäginde žurnalistlere ABŞ-nyň ÝPG boýunça soňky başlangyjy barada beýannama berdi.

Mundan ozal ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Prezident Erdogana: “ÝPG-ä mundan beýläk ýarag bermejekdigini” birnäçe gezek aýdandygyny ýatladan Çawuşogly, şol beýannamadan soň ABŞ-nyň başga guramalaryndan tapawutly beýanatlaryň berilendigini nygtady.

Çawuşogly: “Biz degişli çäreleri göreris. Aňyrsynda kim bolsa bolsun, ABŞ bolsun ýa-da başga ýurt bolsun. Bizi gyzyklandyrmaýar” diýdi.

“İlki bilen ABŞ hyzmatdaşlygyň adyndan beýanat bermäge ygtyýarly däl, çünki biz hem hyzmatdaşlyga degişli” diýen Çawuşogly, Türkiýäniň terror guramasy ÝPG-ä garşy ähli çäreleri görjekdigini nygtady.

Şu gün Wankuwerde geçiriljek maslahatda Çawuşoglynyň ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Reks Tillerson bilen duşuşyp, şu meselelerde pikir alyşmagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň öňbaşçylygynda DAİŞ-e garşy döredilen hyzmatdaşlygyň resmisi Rýan Dillon Siriýada esasanda Siriýanyň demokratik güýçlerinden (SDG) ybarat bolan 30 müň adamlyk “Serhet howpsyzlyk güýjüni” döretjekdiklerini beýan edipdi. beýannama Türkiýe berk reaksiýa bildiripdi.



Degişli Habarlar