Türkiýe ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-dan goşun döretmek ugrundaky tagallasyny ýazgardy

Dillon Siriýada “PÝD/PKK-nyň gatnaşmagynda” Siriýa demokratik güýçlerinden ybarat 30000 müň adamlyk “Serhet howpsyzlyk güýjüniň” dörediljekdigini mälim edipdi

888171
Türkiýe ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-dan goşun döretmek ugrundaky tagallasyny ýazgardy

 

Türkiýäniň özüne garşy bolan ähli howpy ortadan aýyrmakda tutanýerlidigine üns çekildi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, “Terror guramasy PÝD/ÝPG-niň ABŞ-nyň goldaw bermeginde Siriýada “Serhet howpsyzlygyk güýjüni” döretmäge taýarlanýandygy barada halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlar sebäpli ABŞ-nyň Ankaradaky geňeşçi ilçisi 10-njy ýanwarda ministrlige çagyryldy we düşündiriş soraldy” diýildi.

Beýanatda “Bu gezek DAIŞ-e garşy halkara hyzmatdaşlygyň metbugat geňeşçisi tarapyndan PÝD/ÝPG-niň gatnaşmagynda Siriýa Demokratik güýçleriniň ýolbaşçylygynda iş alyp barjak 30000 müň adamlyk “Siriýa serhet howpsyzlygy diýilýän güýjüň” döredilmegi maksady bilen hyzmatdaşlygyň SDP bilen birlikde işleşýändigi hakynda habarlaryň berlendigi görülýär” diýildi.

Beýanatda “ABŞ-nyň beren wadasyna we beýanatlaryna gapma-garşylykda PÝD/ÝPG bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegini milli howpsyzlygymyza we Siriýanyň territorial bitewiligine howp salýan şuňa meňzeş hereketler asla kabul edilmez. Bu ýalňyş çemeleşmäni berk ýazgarýarys we Türkiýäniň ýurduna abanýan ähli howplary ortadan aýyrmakda tutanýerlidigini ýene-de bir gezek gaýtalaýarys” diýildi.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem “Türkiýe milli bähbitlerine laýyklykda öz howpsyzlygyny üpjü etmek üçin ähli taraplaýyn çäre görmäge dowam eder”diýipdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky DAIŞ-e garşy hyzmatdaşlygyň metbugat sekretary Ryan Dillon Siriýada “PÝD/PKK-nyň gatnaşmagynda” Siriýa demokratik güýçlerinden ybarat 30000 müň adamlyk “Serhet howpsyzlyk güýjüniň” dörediljekdigini mälim edipdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar