Prezident Erdogan ABŞ-nyň terror goşunyny döredilmänkä ýok etjekdiklerini aýtdy

Erdogan ABŞ-nyň Siriýanyň demirgazygynda 30 müň adamlyk howpsyzlyk güýjüni döretjekdigi hakyndaky beýanatyna garşylyk görkezdi

888715
Prezident Erdogan ABŞ-nyň terror goşunyny döredilmänkä ýok etjekdiklerini aýtdy

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň terror goşunyny döredilmänkä ýok etjekdiklerini aýtdy.

Erdogan Ankaranyň Kahramankazan etrabynda elektrik togyny öndürýän desganyn açylyş dabarasynda eden çykyşynda ABŞ-nyň Siriýanyň demirgazygynda 30 müň adamlyk howpsyzlyk güýjüni döretjekdigi hakyndaky beýanatyna garşylyk görkezdi.

Terror güýjüniň Türkiýä wehim salýandygyny aýdan Erdogan, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-niň gözegçiligi astyndaky ýerlere  Afrine we Munbije operasiýa gurap biljekdiklerini aýtdy.

Gün saýyn ösýän Türkiýäniň käbir töwerekleri biynjalyk edýändigini we şol töwerekleriň yzygiderli ýagdaýda Türkiýä garşy tutum alyp barýandygyny aýdan Erdogan, “ABŞ-nyň goldawyny alýan PKK/PÝD bize wehim salýar. Türkiýä basyş etmek isleýärler. Bize wehim salýan howplary ortadan aýyrmaga dowam ederis. Operasiýalarymyz dowam edýär. Biz ähli duzaklaryny ortadan aýyrarys we 2023-nji ýyl üçin göz öňünde tutýan maksadymyza ýetmegimize hiç kim böwet bolup bilmez” diýdi.

Prezident Erdogan ABŞ-na terror guramasyna berýän goldawyndan ýüz öwürmegi üçin çagyryş berdi.

Afrini we Munbiji gysga wagtda terrordan saplajakdyklaryna ünsi çeken Prezident Erdogan nobatyň beýleki etrapçalara hem geljekdigini we soňky terrorçy ýok edilýänçä operasiýalaryň dowam etjekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar