Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty çarşenbe güni geçiriler
Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty 17-nji ýanwarda çarşenbe güni Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriler

2018-nji ýylyň ilkinji Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhlediniň uzaldylmagy barada teklip hödürlener.
Edil yz ýanyndan geçiriljek Ministrler kabinetiniň mejlisinde bolsa Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň ýene-de 3 aý uzaldylmagy barada karar kabul edilmegine garaşylýar.
Karar Ministrler kabinetiniň mejlisinde kabul edilmeginden soň resmi gazetde çap ediler.
Ondan soň bolsa Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy bilen baglanşykly Premýer ministrlik ygtyýarnamasy TBMM-de ara alynyp maslahatlaşylar.
Degişli Habarlar

Goranmak ministrligi: "7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi
Beýanatda, operasiýanyň arakesmesiz ýagdaýda dowam etjekdigi aýan edildi

Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 66 boldy.