ABŞ Türkiýä garşy duşmançylykly çemeleşmesinden ýüz öwürmeli

Ýyldyrym Türkiýä garşy bolan tutumlar hakynda durup geçdi

888867
ABŞ Türkiýä garşy duşmançylykly çemeleşmesinden ýüz öwürmeli

 

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ankarada telekeçiler bilen duşuşdy.

Premýer ministr Ýyldyrym duşuşykda eden çykyşynda Türkiýä garşy bolan tutumlar hakynda durup geçdi.

Binali Ýyldyrym “NATO agza bolan ABŞ Türkiýäniň serhetlerini goramagyň ýerine terror guramalary bilen birlikde harby goşun döredýär. ABŞ Türkiýä garşy bolan bu duşmançylykly çemeleşmekden ýüz öwürmeli” diýdi.

Siriýanyň demirgazygynda  ABŞ-nyň goldaw bermeginde terror koridorynyň açylmak islenýändigine ünsi çeken Premýer ministr Ýyldyrym “Şehitlerimiziň ganynyň dökülen topraklaryny ähli wehimlerden goramakda tutanýerlidiris. Garaşsyzlygymyzy, durnuklylygymyzy we howpsyzlygymyzy nyşana alýan haýsydyr bir herekete asla rugsat bermeris” diýdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar