Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogly ABŞ-da we Kanada-da saparda bolar

Çawuşoglynyň maslahatyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen duşuşmagyna garaşylýar

886408
Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogly ABŞ-da we Kanada-da saparda bolar

Daşary işler ministri Çawuşoglynyň ýanwar aýynyň 11-14-i aralygynda ABŞ-na gurajak iş saparynyň çäginde Los Anželesde işewür adamlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli syýasatçylar bilen duşuşar.

Çawuşogly ýanwar aýynyň 15-16-sy aralygynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde Kanadanyň Daşary işler ministriniň we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ýolbaşçylyk etmeginde daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçiriljek “Koreýa ýarymadasynda Howpsyzlyk we durnuklylyk” temaly maslahata gatnaşar.

Çawuşoglynyň maslahatyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde şeýle hem Türkiýäniň Wankuwerdäki Baş konsullygynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar