"Türk Howa Ýollary dünýäniň iň uly uçar flodyna eýe bolmaly"

Prezident Erdogan Türk Howa Ýollarynyň dünýäniň iň uly uçar flodyna eýe bolmalydygyny aýtdy

"Türk Howa Ýollary dünýäniň iň uly uçar flodyna eýe bolmaly"

 

Erdogan R. T. Prezidentiň kompleksinde  THÝ-nyň daşary ýurtlardaky wekilleri kabul etdi.

THÝ-nyň alyp barýan işleri barada öwgüli sözler aýdan Erdogan “THÝ dünýäniň çar tarapyna uçmaly we dünýäniň iň uly uçar flodyna eýe bolmaly” diýdi.

THÝ-nyň indi dünýäniň iň uly howa ýoly firmasy bilen bäsleşýändigini aýdan Erdogan “Stambulda gurulýan dünýäniň iň uly howa menzili bilen ilkinji maksadymyz dünýäniň çar tarapyna uçmak” diýdi.

Prezident Erdogan THÝ-niň dünýäniň çar tarapynda ýakyndan tanalýandygyny we THÝ barada hemişe öwgüli sözleri eşidýändigini aýratyn belledi.

 


Etiketkalar: THÝ , uçar , kabul edildi

Degişli Habarlar