Soýlu: “Agryda we Ygdyrda gurluşygy dowam edýän serhet diwarynyň ýarysy tamamlandy”

“Agry we Ygdyr welaýatlarynda gurluşygy dowam edýän howpsyzlyk diwarlarynyň 8 aýda ýarysyny tamamladyk”

883914
Soýlu: “Agryda we Ygdyrda gurluşygy dowam edýän serhet diwarynyň ýarysy tamamlandy”

Žandarm Baş serkerdesi general Arif Çetin bilen Agry we Ygdyr welaýatlarynda iş saparynda bolan Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Türkiýe-Eýran serhedinde gurluşygy dowam edýän modulýar serhet howpsyzlyk diwarlary bilen tanyş bolup, serhet galalaryna baryp gördi.

Barlag diňine çykyp serhet ýakasyny synlan Süleýman Soýlu, soň dik uçar bilen 4-nji Serhet batalonyna we Sultantop polis merkezine baryp, şehitleri hatyralady.

Süleýman Soýlu: “Agry we Ygdyr welaýatlarynda gurluşygy dowam edýän howpsyzlyk diwarlarynyň 8 aýda ýarysyny tamamladyk” diýdi.



Degişli Habarlar