"Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynda bileleşik Türkiýäni güýmeýär

Prezident Erdogan Parižde fransuz kärdeşi Makron bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi

882708
"Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynda bileleşik Türkiýäni güýmeýär

Resmi sapar bilen Fransiýa giden Prezident R. T. Erdogan paýtagt Parižde fransuz kärdeşi Emmanuel Makron bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Erdogan Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynda bileleşigiň yzygiderli ýagdaýda Türkiýäni güýmeýändigini we munyň türk hökümetiniň we halkynyň etaba bolan ynamynyň azalmagyna sebäp bolýandygyny belledi.

Erdogan Fransiýanyň, Türkiýäniň we İtaliýanyň bilelikde milli goranyş roketalarynyň kämilleşdirilmegi meselesinde EUROSOM Konsorsiýum şertnamasyna gol çekişendigini nygtady.

Türkiýe hökmünde terrora garşy göreşiň çäginde DAIŞ-e garşy göreşmäge dowam etjekdiklerini aýdan Erdogan, “Bu ýerde dostlarymyza ýüzlenýärin PÝD/ÝPG hem ekstremist terror guramasynyň bir bölegidir. Şol terror guramalaryna garşy hem birlikde tutanýerli göreş alnyp barylmaly” diýdi.

Prezident Erdogan “Gynansakda käbir dostlarymyz bu meselede henizem ÝPG/PÝD bilen birlikde DAİŞ-e  garşy göreşýäris öýdýärler. Emma bu nädogry” diýdi.

 Fetullahçy terror guramasy FETÖ we PKK meselesinde Fransiýa duýduryş beren Erdogan “Fransiýanyň FETÖ-nyň agzalary hakyndaky çemeleşmesi diýseň  möhüm. Bu ýerlerde jemgyýetleri, gaznalary we iş ýerleri bar we bu ýerde guramalaşýarlar. PKK-a hem edil FETÖ ýaly bu ýerde guramalaşýar. Bu meselelere diýseň ünsli çemeleşilmeli. Çünki ertirki gün şol guramalar kynçylyk emele getirip biler”diýip belledi.

Erdogan İýerusalimiň statusy meselesinde geljekde amala aşyryljka işlerde Fransiýa bilen ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklaryny belledi.

Siriýa meselesi hakynda hem durup geçen Erdogan bosgunlara kömek bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Erdogan “Biz Siriýanyň ýoluna Asatsyz dowam etmegine we siriýanyň halkynyň demokratik ýagdaýda saýlaw geçirmegine goldaw berýäris” diýdi.

Prezident Erdogan Günbatarly ýurtlaryň ABŞ-nyň Siriýada terror guramasy PKK/PÝD-ä ugradan ýaraglary meselesinde dymmagyna bolsa düşünmeýändigini nygtady.

Fransiýanyň Prezident Makron hem bilelikdäki metbugat ýygnagynda Palestina meselesinde iki döwetli çözgüde goldaw berýändiklerini, Siriýada bolsa DAIŞ-den soň parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmalydygyny nygtady we Siriýa meselesinde Türkiýe bilen işleşmek isleýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar