Türkiýe Nigeriýada buthananyň öňünde guralan ýaragly hüjümi ýazgardy

“Hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys. Hüjüm sebäpli nigeriýanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris”

880610
Türkiýe Nigeriýada buthananyň öňünde guralan ýaragly hüjümi ýazgardy

 

 

Türkiýe Nigeriýada buthananyň öňünde guralan, köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Türkiýäniň Nigeriýanyň günorta gündogarynda ýerleşýän Riwer welaýatynyň Omoku şäherinde duşenbe güni buthananyň öňünde guralan ýaragly hüjümde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna gynanç bildirýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýarys. Hüjüm sebäpli nigeriýanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris” diýildi.

 



Degişli Habarlar