Prezident Erdogan Eýranyň Prezidenti Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Iki kärdeş Eýranda 28-nji dekabrdan bäri dowam edýän protest ýörişleri hakynda pikir alyşdy
880874

Prezident R. T. Erdogan Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Eýranda 28-nji dekabrdan bäri dowam edýän protest ýörişleri hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan Türkiýe hökmünde Eýranda asudalygyň we durnuklylygyň goralyp saklanmagyna ähmiýet berýändiklerini nygtady.
Erdogan Eýranly kärdeşine halkyň parahatçylykly maksatly ýöriş geçirme hukugyndan peýdalanýarka kanunlaryň basgylanmagy däldigi hakyndaky beýanatynyň ýerlikdigini aýtdy
Eýranyň Preizdent Ruhani hem Prezident Erdogana berýän goldawlary üçin sag bolsun aýtdy we ýörişleriň birnäçe günüň dowamynda ortadan aýrylmagyny umyt edýändiklerini belledi