Ýaponiýanyň Daşary işler ministri  Kono resmi sapar bilen Ankara geldi

Çawuşogly Türkiýäniň Ýaponiýa bilen terrora garşy göreşde edýän hyzmatdaşlygyny artdyrjakdygyny aýtdy

877813
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri  Kono resmi sapar bilen Ankara geldi

 

 

Resmi sapar bilen Ankara gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri  Taro Kono Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.

Çawuşogly bilen Kono özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berdi.

Çawuşogly Türkiýäniň Ýaponiýa bilen terrora garşy göreşde edýän hyzmatdaşlygyny artdyrjakdygyny aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly “2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soň bize iň güýçli goldawy beren ýurtlardan biri hem Ýaponiýa. Terrora garşy göreşde bize berýän goldawlary üçin Ýaponiýa minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Türkiýede agdarlyşyk etmäge synanşan FETÖ/PDÝ-ä garşy göreşiň ýurduň içinde we daşary ýurtlarda güýçli depginde dowam edýändigine ünsi çeken Çawuşogly “Gynansakda FETÖ/PDÝ-niň agzalarynyň Ýaponiýada öz işini dowam etdirýändigini görýäris” diýdi.

Çawuşogly ýapon kärdeşi Kononyň ilkinji gezek Daşary işler ministri hökmünde Türkiýä gelendigini we kärdeşini Türkiýede myhman almakdan hoşaldygyny nygtady.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň 2013-nji ýyldan bäri strategik hyzmatdaşlyk derejesinde dowam edýändigini aýdan Çawuşogly, özüniň iýun aýynda Ýaponiýa guran saparyndan 6 aý soň ýapon kärdeşiniň Türkiýede saparda bolmagynyň diýseň möhümdigini ýatlatdy.

Çawuşogly prezident, premýer ministr we ministr derejesinde guralýan ýokary derejeli saparlaryň iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklara itergi berýändigini belledi.

Türk-Ýapon Ylym we tehnalogiýa uniwersitetiniň açylmagy hakyndaky işleriň güýçli depginde dowam edýändigini ýatladan Çawuşogly Ýaponiýanyň Sinopda ýadro desgasyny gurmagy babatyndaky işleriň 2018-nji ýylda hem dowam etjekdigini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar