Erdogana Hartum uniwersitetiniň hormatly doktory diýlen dereje berildi

Prezident Erdogana Sudanda Dostlar Mejlisinde geçirilen dabarada Hartum uniwersitetiniň hukuk ylymlary boýunça hormatly doktory diýlen dereje berildi

875655
Erdogana Hartum uniwersitetiniň hormatly doktory diýlen dereje berildi

Prezident R.T.Erdogana Sudanda Dostlar Mejlisinde geçirilen dabarada Hartum uniwersitetiniň hukuk ylymlary boýunça hormatly doktory diýlen dereje berildi

Dabarada söz sözlän Erdogan sudanlylara myhman söýerlikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Sudanlylaryň uly gyzyklanmasynyň özüni Hartumda däl, eýsem Ankarada, Stambulda, Türkiýede ýaly duýýandygyny beýan eden Erdogan, taryhy Hartum uniwersitetiniň özüne beren hormatly doktorlyk derejesi üçin hem minnetdarlygyny bildirdi.

Erdogan Afrikanyň esasy ylym ojaklaryndan biriniň özüni şeýle derejä laýyk görmeginiň özi üçin uly buýsanç we bagtyýarlykdygyny nygtady.

Erdogan Türkiýäniň Sudana ylym, bilim we ylmy hyzmatdaşlyk ugurlarynda degişli goldawy bermäge taýardygyny nygtap: “Şu günki güne çenli 407 sany sudanly talyba Türkiýede bilim almaga şert döretdik. Şeýle-de gaznadyr jemgyýetçilik guramalarymyz hem sudanly talyplara goldaw berýär, Türkiýede ýokary bilim almaklary üçin şert döredýär” diýdi.

Sudan saparynyň diýseň netijeli geçýändigini nygtan Erdogan: “Resmi duşuşyklaryň ýany bilen işewürler maslahatyndan Port Sudana baryp görmegine çenli Sudanyň halkynyň ähli gatlaklary bilen duşuşmaga pursat tapdyk. Şu gün Hormatly Prezidentden ýörite haýyş etdim. Port Sudana, ol ýerden ada bardyk. Ol ýerde TİKA tarapyndan Hanefi we Şafi metjitleri abatlanýar.

“Şol adany bize berseňiz, biz adany dolulygyna abatlasak we ýaňadandan taryhy şanyna laýyk gelýän görnüşde dikeltsek” diýdim. Çünki Sawakin adasyny beýle görmek bizi gynandyrdy. Ýer bilen ýegsan edipdirler. Kim? Günbatar. Günbataryň häsýeti şeýle. Hudaýa şükür, indi ýaňadandan abatlamak, dikeltmek bize nesip etdi” diýdi.

Musulmanlaryň soňky ýyllarda agyr günleri başdan geçirendiginiň görülýändigini nygtan Erdogan: “Siriýadan Yraga, Liwiýadan Müsüre, Ýemenden Aýlag sebitindäki ýurtlara çenli köp sanly ýurt dartgynly günleri başdan geçirýär. Asyrlar boýy ylym-bilim merkezi bolan şäherlerimiz gynansagam indi çaknyşyklar bilen gün tertibine gelýär. Yslam medeniýetiniň asyrlyk kitaphanalary, deňi taýy bolmadyk eserleri, naýbaşy metjitleri ýa terror guramalary ýa-da döwlet terroryny edýän hökümetler tarapyndan ýok edilýär. Ysraýyl döwlet terroryny edenokmy? Şonuň bilen bilelikde hereket edýänler döwlet terroryny edenokmy? 29 ýaşly down sindromly Muhammede ejir çekdirenler döwlet terrorçysy dälmi? 15 ýaşly Al Junidini gözlerini daňan 20 Ysraýyl esgeri döwlet terroryny etmeýärmi? Şulary aýdan mahalymyz nähaklyk edýäsmi? Bulary eýsem günbatar görmeýärmikä? Görýän bolsalar näme üçin seslerini çykarmaýarlar” diýdi.

 



Degişli Habarlar