Müsür Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak isleýär

Müsüriň Daşary işler ministri ýurdunyň Türkiýe bilen arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagyny isleýändigini nygtady

874927
Müsür Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak isleýär

 

Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şükrü ýurdunyň Türkiýe bilen arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagyny isleýändigini nygtady.

Şükri Müsüriň ýarym resmi Ahbar Al Ýewm gazetine beren beýanatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny arzuw edýändigini belledi.

Şükrü “İki ýurduň halkarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geçmişi taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýär. Şol taryhy gatnaşyklara laýyklykda gatnaşyklaryň kadalaşmagyny umyt edýäris. Müsür Türkiýe bilen gatnaşyklara taýar” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar