Prezident Erdogan Sudana, Çada we Tunise sapar gurar

Prezident R. T. Erdogan 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-27-si aralygynda Sudanda, Çatda we Tunisde saparda bolar

873785
Prezident Erdogan Sudana, Çada we Tunise sapar gurar

 

 

Prezidentiň metbugat gullugyndan berlen beýanata görä, Türkiýe bilen taryhy we medeni taýdan ýakyndan gatnaşyk edýän üç ýurtda geçiriljek gepleşiklerde iki taraply gatnaşar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerler.

Prezident Erdoganyň resmi saparynyň çäginde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan şertnamalara gol çekişiler.

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde geçiriljek işewürler maslahatynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdogan Sudana we Çada gurajak saparlary Türkiýeden şol ýurtlara prezident derejesinde guraljak ilkinji sapar bolmagy taýdan diýseň möhüm.

Erdoganyň Tunise gurajak sapary bolsa 2012-nji ýyldan bäri Türkiýeden Tunise prezident derejesinde guraljak ilkinji sapar bolar.

 



Degişli Habarlar