Erdogan: “Türkiýäniň demokratik ygtyýary dollarlar bilen satyn alynmaz”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň demokratik ygtyýarynyň dollarlar bilen satyn alynyp bilinmejekdigini aýtdy

873202
Erdogan: “Türkiýäniň demokratik ygtyýary dollarlar bilen satyn alynmaz”

 

Prezident Erdogan Beştepede geçirilen Uly medeniýet we sungat baýraklarynyň gowşurlyş dabarasynda sözlän sözünde BMG-niň Baş Assambleýasynda şu gün geçiriljek Iýerusalim boýunça sese goýulşygynda garşy ses bermezlik üçin hemle atan ABŞ-nyň Prezidenti Trampa garşylyk görkezdi.

Erdogan: “ABŞ-nyň Prezidenti BMG-daky Iýerusalim sese goýulşugy üçin hemle atýar. Demokratiýanyň sallançagy dünýäde dollar bilen satyn alynjak ygtyýar gözleýär. Hormatly Tramp! Siz Türkiýäniň demokratik ygtyýaryny dollarlaryňyz bilen satyn alyp bilmersiňiz. Biziň kararymyz belli. Bütin dünýä ýüzlenýärin! Şeýle kiçi-girim dollarlar bilen demokratik göreşiňizde ygtyýaryňyzy satman. Men ABŞ-nyň şu günki sese goýulşykdan hem netije almazlygyny tama edýärin” diýdi.

Prezident Erdogan Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Şeýh Abdullah Bi  Zaýediň Fahreddin serkerde we Medine goragy barada garşylyk döreden beýannamasyna hakynda bolsa: “Fahreddin serkerdäni we Medine goragyny bilmesek şeýle näkes çykyp, bize “Erdoganyň ata-babasy ine şeýledir”, hamala diýersiňiz “ogrudyr” diýjek derejede pespälleşer, öte geçer. Ol nämäň läligi? Nebitiň, elindäki pulun läligi. Meniň ata-babam Medinäni goraýarka, edepsiz, seniň ata-babaň nirededi? Sen ilki şonuň hasabyny ber” diýdi.

Stambulyň Topkapy köşkünde Mukaddes amanatlaryň saklanýan ýerinde 24 sagadyň dowamynda gurhan okalyp, onuň ähmiýetine, manysyna laýyklykda amanatlaryň goragynyň dowam edýäňdigini aýdan Erdogan: “Emma şeýle gödekleşen, bizi kemsiden adam: “eýsem şol amanatlar nirede” diýip sorasaňyz bilmez. Olar şeýle bisowat” diýdi.



Degişli Habarlar