Siriýada 1 aýlyk mahaly hem ejesini hem-de 1 gözüni ýitiren Kerim bäbejik göreşiň simwolyna öwrüldi

“Seni görýäris Kerim bäbejik”

872517
Siriýada 1 aýlyk mahaly  hem ejesini hem-de 1 gözüni ýitiren Kerim bäbejik göreşiň simwolyna öwrüldi

 

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň bombaly hüjümleri sebäpli hem ejesini hem-de 1 gözüni ýitiren Kerim bäbejik göreşiň simwolyna öwrüldi.

Kerim bäbejik Asada tabyndaky güýçler tarapyndan gabaw astynda saklanýan Gündogar Gutada 1 aýlyk mahaly ýetim galdy we 1 gözüni ýitirdi.

Gabawyň bes edilmegi üçin çagyryş berenler bir gözlerini ýapyp “Seni görýäris Kerim bäbejik”diýip ýüzlenme berdiler.

Wise-premýer Hakan Çawuşogly hem “Biz Türkiýe hökmünde hemişe Kerim bäbejiklere goldaw bereris” diýdi.

Bir gözüni ýapyp düşen foto suratyny Twitter arkaly paýlaşan Azyk, oba hojalyk we maldarçylyk ministri Ahmet Eşref Fakybaba bolsa “Biz dünýäniň parahatçylygy üçin merhemetimizi we umydymyzy ýitirmeris” diýdi.

Milli goranmak ministri Nurettin Janikli, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Mehmet Özhaseki, Tokaý hojalygy we suw işleri ministri Weýsel Erogly hem ýüzlenmelerinde bigünä adamlara goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtadylar.

 

 


Etiketkalar: #simwol , #bäbek , #Siriýa , #kampaniýa

Degişli Habarlar