Prezident Erdogan BAE-niň Daşary işler ministrine nägilelik bildirdi

Medinäni basyp almak islän iňlislere we wahabilere garşy söweşip, Muhammet Pygambere degişli zatlary goraýan Osmanly paşasy Fahreddin paşadyr

872297
Prezident Erdogan BAE-niň Daşary işler ministrine nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan BAE-niň Daşary işler ministri Şeýh Abdullah Bin Zaýediň sosial mediada paýlaşan habaryna nägilelik bildirdi.

Prezident kompleksinde geçirilen Arçynlaryň 42-nji maslahatynda gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň üstünde durup geçen Erdogan Muhammet Pygambere degişli zatlary goran Fahreddin paşa dil ýetiren Zaýede: “Eý, bizi günäkärleýän gallaç. Fahreddin paşa I Jahan urşynda Medninäni goran mahaly, seniň ata-babaň nirededi?” diýdi.

Fahreddin paşanyň direnişiniň takdyr edilmelidigini aýdan Erdogan: “Fahreddin paşanyň 2 ýyl 7 aýlap goran Medinede eden işleri, görkezen dik duruşy we soňky pursada çenli görkezen gahrymanlygy takdyr edilmelidir. Utanman, ýadaman Erdoganyň ata-babasynyň Mukaddes zatlary ol ýerden alyp, Stambula getirendigini aýdýan bu gallaçlar: bu edilenleriň ady ol ýerleri basyp alyjylara garşy olary öz janyndan geçip goramak diýmekdir” diýdi.

Prezident Erdogan: “Bizi utanman, arman-ýadaman günäkärleýärler. Ilki bilen ýeriňi bil. Sen onda bu milleti tanamansyň, sen Erdogany tanamansyň, Erdoganyň ata-babasyny bolsa hiçem tanamansyň” diýdi.

Erdogan: “Taryhymyzyň ine şu şahsyýetine we onuň Medinede görkezen edermenligine dil uzadanlaryň, şu gün kimler bilen, nirelerde, näme işler edýändigini biz gowy bilýaris. Ýeri gelende olary hem aýan ederis” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Medine , #BAE , #millet , #ata-baba

Degişli Habarlar